Habarlar

Türkmenistanda harby gullukçylar we hukuk goraýjy işgärler sylaglandyTürkmenistanda harby gullukçylar we hukuk goraýjy işgärler sylaglandy

Türkmenistanda harby gullukçylar we hukuk goraýjy işgärler sylaglandy

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi.

Dünýä Akbäbek Taganowanyň gözleri bilen: telekeçi-zenan öz syýahatlary barada gürrüň berip, öwreniji syýahatçylar üçin maslahatlaryny berdiDünýä Akbäbek Taganowanyň gözleri bilen: telekeçi-zenan öz syýahatlary barada gürrüň berip, öwreniji syýahatçylar üçin maslahatlaryny berdi

Dünýä Akbäbek Taganowanyň gözleri bilen: telekeçi-zenan öz syýahatlary barada gürrüň berip, öwreniji syýahatçylar üçin maslahatlaryny berdi

ORIENT habarçysy üstünlikli türkmen telekeçi-zenan hem-de höwesjeň syýahatçy Akbäbek Taganowa bilen söhbetdeş boldy. Bütün durmuşynyň dowamynda ol 100 ýurda baryp görüp, işewürligini täze gözýetimleri açmak bilen utgaşdyrýar. Söhbetdeşligiň dowamynda Akbäbek öz ruhlandyrjy tejribesi barada aýtmak bilen, syýahatlarynyň has gyzykly pursatlary, peýdaly durmuş usullary we öwreniji syýahatçylar üçin maslahatlary bilen paýlaşdy.

Türkmenistandaky UNFPA-nyň täze direktory wezipesine girişdiTürkmenistandaky UNFPA-nyň täze direktory wezipesine girişdi

Türkmenistandaky UNFPA-nyň täze direktory wezipesine girişdi

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Çinwe Ogbonna UNFPA-nyň Gazagystandaky Ýurt boýunça wekili we Türkmenistanda hem-de Gyrgyzystanda Ýurt boýunça direktory wezipesine resmi taýdan girişdi. Bu barada BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy habar berdi. Ogbonna ählumumy, sebit we milli derejelerde 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk tejribesine eýe bolup, uýgunlaşdyryjy liderlik, hökümetara gatnaşyklar we strategiýa hyzmatdaşlygy ugurlarynda ýöriteleşýär

Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň diplomatik edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildiDaşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň diplomatik edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň diplomatik edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

27-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň Daşkende geçirilen duşuşygynyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen iki resminama gol çekildi. Hususan-da, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna we şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça teswirnama gol çekdiler