HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýaşlary Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli medeni çäreleri geçirdi

Mart 21, 2025 | 12:20 |5410
Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli, Ukrainadaky türkmen ýaşlary we Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary görnükli şahsyýetleriň we nusgawy şahyrlaryň goşgularyny çeper okaýyş çäreleri geçirdilerBütindünýä şygryýet güni mynasybetli, Ukrainadaky türkmen ýaşlary we Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary görnükli şahsyýetleriň we nusgawy şahyrlaryň goşgularyny çeper okaýyş çäreleri geçirdiler
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli, Ukrainadaky türkmen ýaşlary we Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary görnükli şahsyýetleriň we nusgawy şahyrlaryň goşgularyny çeper okaýyş çäreleri geçirdiler.

Bu taslama, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has wajyp ähmiýete eýe bolan bilimiň we paýhasyň çeşmesi hem-de, parahatçylygyň göz başy bolan şahyrana sözlere ünsi çekmäge gönükdirilendir.

1

Ukrainadaky we daşary ýurtlardaky türkmen talyplary we türkmen kowmunyň wekilleri, şeýle hem türkmen diplomatlary Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly meşhur goşgysyny çeper okadylar. Bu şahyrana eserde Garaşsyz ýurdumyzyň parahatçylyk, bitaraplyk we doganlyk ýörelgelerine, abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän başlangyçlara we umumy adamzat gymmatlyklaryna üns çekilýär.

Taslamanyň esasy maksady, görnükli nusgawy, türkmen pelsepewi şahyry Magtymguly Pyragynyň öz halkynyň ykbaly we ýurdunyň abadan geljegi welilik bilen beýan edilen “Türkmeniň” atly şygyryny dünýäniň dürli dillerinde çeper okamakdan ybaratdyr.

2

Beýik akyldar Magtymgulynyň arzuwlary baradaky “Türkmeniň” atly eseri türkmen ýaşlarynyň bilimli nesli tarapyndan iňlis, nemes, ukrain, türk, azerbaýjan, rumyn, gazak, täjik we ene dillerinde çeper okaldy.

Medeni çärä gatnaşyjylar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çygrynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň esasyny düzýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmek bilen, halklaryň arasyndaky dostlugy, doganlygy we medeni gatnaşyklary ündemegiň möhümdigini bellediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026