HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Baş Konsullygy Milli bahar baýramyna bagyşlanan Kazandaky çärä gatnaşdy

Mart 22, 2025 | 20:30 |6104
21-nji martda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Baş Konsullygy Kazanda guralan Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy21-nji martda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Baş Konsullygy Kazanda guralan Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş Konsullygy (Kazan ş.)

21-nji martda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Baş Konsullygy Kazanda guralan Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy.

Baýramçylyk Kazan atçylyk toplumynyň çägindäki Han howlusynda geçirildi. Tatarystanyň Raisi, Parlamenti we Hökümetiniň adyndan baýramçylyk meýdançasyna gelen myhmanlary we gatnaşyjylary Döwlet Geňeşiniň Başlygy, Tatarystanyň Halk Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin gutlady.

1

Şu ýyl umumy şäher derejesindäki baýramçylykda Türkmenistan, Eýran, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, Türkiýe, Azerbaýjan we Tatarystan öz milli medeniýetlerini görkezdiler. Her bir meýdançada myhmanlar bu halklaryň milli tanslary, aýdymlary bilen tanyşmaga, şeýle-de olaryň milli tagamlaryndan dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.

Türkmen meýdançasynda elde dokalan ajaýyp halylar, milli egin-eşikler, bezeg şaýlary we sowgatlyk önümler, şol sanda Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary görkezildi. Nowruzyň esasy baýramçylyk tagamy bolsa, däp boýunça dürli türk halklarynyň taýýarlanyş usullary esasynda bişirilen palaw boldy. Baýramçylyk çäklerinde «Nowruz gözeli» we «Nowruz batyry» bäsleşikleri geçirildi, bu bäsleşiklere türkmen talyplary işjeň gatnaşdylar. Mundan başga-da, baýramçylykda taýýarlanylan iň tagamly palawyň awtory üçin ýörite baýrak bellenildi.

2

«Nowruz-2025» dabarasynyň guramaçylary hökmünde TR-nyň halklarynyň Assambleýasy, TR-nyň Halklaryň dostlugy öýi, Tatarystanyň Medeniýet ministrligi we Kazan şäheriniň ýerine ýetiriji komiteti çykyş etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026