HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz güni bellendi - Türkmenistan öz pawilionyny hödürledi

Mart 22, 2025 | 21:05 |8305
2025-nji ýylyň 22-nji martynda Tbilisi şäheriniň taryhy merkezi bolan Abanotubanide şäher häkimliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Türkiýäniň Ilçihanalarynyň, şeýle hem diasporlaryň we medeniýet merkezleriniň gatnaşmaklarynda bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni giňden bellenildi2025-nji ýylyň 22-nji martynda Tbilisi şäheriniň taryhy merkezi bolan Abanotubanide şäher häkimliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Türkiýäniň Ilçihanalarynyň, şeýle hem diasporlaryň we medeniýet merkezleriniň gatnaşmaklarynda bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni giňden bellenildi
Çeşme: Gruziýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan berlen

2025-nji ýylyň 22-nji martynda Tbilisi şäheriniň taryhy merkezi bolan Abanotubanide şäher häkimliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Türkiýäniň Ilçihanalarynyň, şeýle hem diasporlaryň we medeniýet merkezleriniň gatnaşmaklarynda bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni giňden bellenildi.

22032025-novruz-v-tbilisi (2).jpg

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan diwarlyklary çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Milli äheňde bezelen Türkmenistanyň Ilçihanasynyň pawiliony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny, şeýle-de milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, elde dokalan nepis haly önümlerini, suratlary, sowgatlyklary, milli tagamlary we süýjülikleri özünde jemledi.

22032025-novruz-v-tbilisi (7).jpg

Çärä gatnaşyjylary Tbilisi şäher häkimi Kaha Kaladze, şäher geňeşiniň Başlygy Giorgi Tkemaladze, şeýle hem Ilçiler gutladylar.

22032025-novruz-v-tbilisi (5).jpg

Türkmenistanyň Ilçisi D.Seýitmämmedow özüniň çykyşynda Nowruzyň türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigini, iň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň, Watana bolan söýginiň halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýändigini belledi.

22032025-novruz-v-tbilisi (6).jpg

Ilçi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy saklamaga we durnukly ösüşe gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň ykrar edilýändiginiň aýdyň görkezijisidigini aýratyn nygtady.

22032025-novruz-v-tbilisi (4).jpg

Ol Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň bu baýramçylygy belleýän halklary ýakynlaşdyrýandygyny we medeni-ynsanperwer ýörelgeleriniň hem-de gatnaşyklaryň dabaralanmagyna ýardam berýändigini belläp geçdi. Ilçi çäräni gurnaýjylara minnetdarlygyny bildirdi we hemmelere saglyk, bagt, parahatçylyk hem-de gülläp ösüşi arzuw etdi.

22032025-novruz-v-tbilisi (3).jpg

Baýramçylyk çäresi konsert bilen tamamlandy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026