HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda meşhur polýak pianinoçysy Woýseh Waleçegiň konserti geçiriler

Noýabr 11, 2025 | 08:00 |18022
2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň «Mukamlar köşgünde» Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde fortepiano konserti geçiriler.2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň «Mukamlar köşgünde» Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde fortepiano konserti geçiriler.
Çeşme: polskajednosc.com

2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň «Mukamlar köşgünde» Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde fortepiano konserti geçiriler.

Sahna çykjak sungat ussady – halkara sahnasynda öz ussatlygy we çykyşlarynyň çuň duýgudarlylygy bilen tanalýan meşhur polýak pianinoçysy Woýseh Waleçek.

Woýseh Waleçek ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Artur Rubinşteýn adyndaky halkara ýaşlar bäsleşiginiň, Italiýanyň Parma şäherinde geçirilen F. Liszt adyndaky halkara bäsleşiginiň, şeýle hem Palermo şäherinde geçirilen halkara pianinoçylar bäsleşiginiň we birnäçe beýleki abraýly baýraklaryň ýeňijisidir.

Ol diňe bir solo konsertler bilen çäklenmän, kamera sazandalar toparlary we simfoniki orkestrler bilen hem çykyş edýär. Olaryň arasynda: Warşawadaky Polşa Radiosynyň orkestri, Krakowdaky Beethowen akademiki orkestri, Amman simfoniki orkestri we beýlekiler bar. Konsertiň başlanjak wagty — 19:00. Giriş — mugt.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026