HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda dabara geçirildi

Noýabr 08, 2025 | 17:05 |15000
Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde  dabaraly medeni çäre geçirildi.Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde  dabaraly medeni çäre geçirildi.
Çeşme: S.Maşarykow

6-njy noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde dabaraly medeni çäre geçirildi. Bu gyzgalaňly çärä Sianyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we professor mugallymlary, şeýle-de daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar. Dabara uniwersitete täze gelen hytaýly we daşary ýurtly talyplara bagyşlandy.

«Çäräniň dowamynda hytaýly we daşary ýurtly talyplaryň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Şeýle-de talyplar öz milli aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Bu çärede Sian şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary hem türkmen halkynyň milli aýdym-sazlary we tanslary bilen çykyp edip, gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdylar. Aýratyn hem, türkmen talyplary tarapydan ýerine ýetirilen «Küştdepdi» tansy has täsirli boldy» diýip, Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň Beýik Ýüpek ýoly arheologiki hyzmatdaşlyk ylmy-barlag merkeziniň uly ylmy işgäri Serdar Maşarykow gürrüň berýär.

Çäräniň soňunda türkmen milli aýdymlary we tanslary bilen gyzyklanan hytaýly hem-de daşary ýurtly myhmanlar, talyplar, şeýle-de habarçylar türkmen talyplary bilen ýadygärlik surata düşdüler. Şeýle-de türkmen talyplary bilen halkymyzyň milli medeniýeti bilen bagly gyzykly sorag jogap alyşdylar. Türkmen talyplary gelen myhmanlara Garaşyz, Bitarap Türkmenistanyň milli medeniýeti we häzirki zaman ösüşi barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026