

“Bolşaýa Aziýa” teleýaýlymynyň millionlarça tomaşaçysy Türkmenistan hakda filmlere tomaşa eder
"Bolşaýa Aziýa" (Uly Aziýa) teleýaýlymy Türkmenistan hakda filmleri görkezer. Millionlarça tomaşaçy Türkmenistanyň baý taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, ägirt uly ykdysady üstünlikleri we syýasy sepgitleri barada gürrüň berýän telewizion žurnallaryna tomaşa edip biler – diýip SNG.FM habar berýär.



















