

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan-ŞHG dialogynyň ösüşi üçin bäş möhüm ugry kesgitledi
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary, synçy ýurtlar – Türkmenistanyň köpýyllyk hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlary, şonuň üçin ŞHG bilen gepleşikler ýurdumyz üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bolşy ýaly, sebitleýin we global derejedäki meselelere gatnaşmagyň logiki ösüşidir. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni ŞHG agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde başlyklyk edýän ýurt - Hindistan tarapyndan çagyrylan myhman hökmünde wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda aýtdy.



















