HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan-ŞHG dialogynyň ösüşi üçin bäş möhüm ugry kesgitledi

Iýul 04, 2023 | 23:27 |11935
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary, synçy ýurtlar – Türkmenistanyň
köpýyllyk hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlary, şonuň üçin ŞHG bilen
gepleşikler ýurdumyz üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bolşy ýaly, sebitleýin we
global derejedäki meselelere gatnaşmagyň logiki ösüşidir. Bu barada Prezident
Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni ŞHG agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň
geňeşiniň mejlisinde başlyklyk edýän ýurt - Hindistan tarapyndan çagyrylan
myhman hökmünde wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda aýtdy.Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary, synçy ýurtlar – Türkmenistanyň
köpýyllyk hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlary, şonuň üçin ŞHG bilen
gepleşikler ýurdumyz üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bolşy ýaly, sebitleýin we
global derejedäki meselelere gatnaşmagyň logiki ösüşidir. Bu barada Prezident
Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni ŞHG agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň
geňeşiniň mejlisinde başlyklyk edýän ýurt - Hindistan tarapyndan çagyrylan
myhman hökmünde wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: kremlin.ru

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary, synçy ýurtlar – Türkmenistanyň köpýyllyk hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlary, şonuň üçin ŞHG bilen gepleşikler ýurdumyz üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bolşy ýaly, sebitleýin we global derejedäki meselelere gatnaşmagyň logiki ösüşidir. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni ŞHG agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde başlyklyk edýän ýurt - Hindistan tarapyndan çagyrylan myhman hökmünde wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Türkmenistan –ŞHG dialogyny işjeňleşdirmek üçin birnäçe möhüm ugurlary kesgitlemegi teklip etdi. Olar:

— kiber we bio howpsuzlygy babatynda syýasy we diplomatik hyzmatdaşlyk;
— transkontinental we sebit ulag-üstaşyr geçelgeleriniň täzelerini döretmek we bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin logistika mehanizmlerini döretmek;
— ŞHG ýurtlaryna we beýleki ýurtlara energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýa etmek boýunça bilelikdäki taslamalary işläp düzmek arkaly uzak möhletleýin energiýa hyzmatdaşlygy üçin şert döretmek;
— ýokary tehnologiýalar ulgamynda ulgam hyzmatdaşlygy üçin platforma döretmek;
— howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologiýa meseleleri babatynda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak.

Soňky ugur nukdaýnazaryndan Serdar Berdimuhamedow kärdeşlerini Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki işleriň usullary barada ylalaşmak üçin kesgitlenen ugurlaryň her biri boýunça bilermen geňeşmelerinden başlamagy teklip etdi.

Geljekde bu çemeleşme Türkmenistan-ŞHG gepleşikleriniň beýleki möhüm taraplary boýunça, şol sanda medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ýaly ugurlarda hem ulanylyp bilner – diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026