

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistan daşary ýurda 3,3 müň tonnadan gowrak buýan köküni eksport etdi
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumy ýylyň başyndan bäri daşary ýurda buýan köküniň 3,3 müň tonnadan gowragyny we buýan ekstraktynyň 613 tonnasyny eksport etdi- diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.



















