

Türkmenistan täze ýyldan tölegleriň ähli görnüşlerini artdyrar
Ýurdumyzyň milli ykdysady toplumynyň 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda alyp barýan işleriniň netijeleri baradaky hökümet mejlisinde döwlet Baştutany täze ýyldan başlap, býujet edaralarynyň, kärhanalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk haklaryny, pensiýa we döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada karara gol çekdi.



















