HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aýlag we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammiti 19-njy iýulda Jidda şäherinde geçiriler

Iýul 13, 2023 | 23:25 |9385
Saud Arabystany 19-njy iýulda Jidda şäherinde Aýlag we Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitini geçirer.Saud Arabystany 19-njy iýulda Jidda şäherinde Aýlag we Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitini geçirer.
Çeşme: afar.com

Saud Arabystany 19-njy iýulda Jidda şäherinde Aýlag we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitini geçirer.

Patyşa Salman iki blogyň ähli ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna sammite gatnaşmak üçin çakylyk iberdi – diýip, penşenbe güni “Saudi Gazette” neşiri habar berýär.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Er-Riýadda Pars aýlagynyň arap ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Hyzmatdaşlyk geňeşine gatnaşýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň ilkinji mejlisi geçirildi we duşuşygyň barşynda söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023-2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki Hereket meýilnamasy kabul edildi.

Geçen ýylyň awgust aýynda söwda we ykdysady ugurda, energetika, suw we azyk howpsuzlygy pudaklarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen Türkmenistan bilen Pars aýlagynyň arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk geňeşi Aşgabatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Pars aýlagynyň arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşi alty sany arap ýurduny öz içine alýan sebit guramasydyr, onuň düzümine Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany girýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026