

Türkmenistanda talyplar üçin 6 ugurda ders olimpiadalary geçiriler
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen her ýyl guraýan talyp olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen her ýyl guraýan talyp olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.


Az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.


Türkmenistanly ýokary synp mekdep okuwçylary "FLEX" okuw maksatnamasy esasynda 2024 - 2024-nji okuw ýylynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamaga çagyrylýar. Olar bir ýylyň dowamynda amerikan mekdeplerinde okarlar we amerikan maşgalalarynda hem ýaşarlar.


Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynyň guramagynda Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanan "tegelek stol" maslahaty geçirildi. Oňa Stambulda bilim alýan türkmen talyplary, ýaşaýjylary, kompaniýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti “Times Higher Education” guramasynyň geljek ýyl üçin düzen “The Impact Rankings 2024” jemleýji reýtinginiň sanawyna girdi.


Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX Tomusky Aziýa oýunlarynda türkmen boksçysy Baýramdurdy Nurmuhammedow ilkinji ýeňşini baýram etdi.


Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Türkmenistana saparynyň dowamynda Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebine nusgawy we häzirki zaman rus ýazyjylarynyň kitaplaryny sowgat etdi.


Bilelikdäki kärhana elktrik we gibrid görnüşli awtoulaglary öndürer. Olaryň önümçiliginde kompanýa tarapyndan energiýanyň täzeden işlenen görnüşlerini ulanmak maksat edilýär. Kärhananyň gurluşygynyň birinji we ikinji tapgyrlarynda 50 müň awtoulag, üçünji tapgyrda bolsa 300 müň awtoulag öndürmek meýilleşdirilýär.


Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty 30-njy sentýabrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär. Deputatlary bellige almak işi şondan bir sagat öň başlanýar.


Harby gullukçylar sylaglary buýsanç bilen kabul edip, Watana hemişelik wepadarlygyň, türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet tugunyň öňünde kasam etdiler.


Täze edaralaryň her birinde agramy 18 tonna çenli awtoulaglaryň birbada 3-sine tehniki gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik bar.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň öňdäki ýylda has ösdüriljekdigine umyt bildirýär.


27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Ankaranyň merkezinde ýerleşýän Söwda-senagat palatalary we birža birleşiginiň beýik binasy yşyklandyrma arkaly Türkmenistanyň milli baýdagynyň reňkine bolady.


Hytaýyň BYD Auto we AO “Uzavtosanoat” paýdarlar jemgyýeti bilelikdäki "BYD Uzbekistan Factory" kärhanasyny döretmek barada şertnama baglaşdylar.


Aşgabatdaky Rus öýi, şygyryýet söýüjilerine tanyş bolan Dagystanly şahyr Rasul Gamzatowyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň geçirilýändigini yglan edýär.