Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşuryldy

Sentýabr 28, 2023 | 09:31 |5436
Harby gullukçylar sylaglary buýsanç bilen kabul edip, Watana hemişelik wepadarlygyň, türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet tugunyň öňünde kasam etdiler.Harby gullukçylar sylaglary buýsanç bilen kabul edip, Watana hemişelik wepadarlygyň, türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet tugunyň öňünde kasam etdiler.
Çeşme: milligosun.gov.tm

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda mukaddes Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabaralary boldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Harby gullukçylar sylaglary buýsanç bilen kabul edip, Watana hemişelik wepadarlygyň, türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet tugunyň öňünde kasam etdiler.

Mukaddes harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sylaglara mynasyp bolan, harby we ýörite atlary, hünär derejelerini alan harby gullukçylar Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de döwletiň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň, hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026