Stambulda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bellendi


Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynyň guramagynda Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanan "tegelek stol" maslahaty geçirildi. Oňa Stambulda bilim alýan türkmen talyplary, ýaşaýjylary, kompaniýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Baş konsul bu maslahata gatnaşyjylary Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady we Garaşsyzlygyň berkarar ýurdumyzyň taryhyndaky, ösüşindäki ähmiýeti barada çykyş etdi. Diplomat ykdysady we ynsanperwer ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösüşine aýratyn ünsi çekdi. Şunda iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde özara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi nygtaldy.
Baýramçylyk mynasybetli Baş konsullykda ýörite sergi hem ýaýbaňlandyryldy we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini görkezýän wideoýazgy görkezildi. Bu ýere gelenlere türkmen tagamlary hödür edilip, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
ORIENT news








