HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ankaradaky iň beýik binalardan birini Türkmenistanyň baýdagynyň reňkine boýadylar

Sentýabr 28, 2023 | 02:11 |10571
27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Ankaranyň merkezinde ýerleşýän Söwda-senagat palatalary we birža birleşiginiň beýik binasy yşyklandyrma arkaly Türkmenistanyň milli baýdagynyň reňkine bolady.27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Ankaranyň merkezinde ýerleşýän Söwda-senagat palatalary we birža birleşiginiň beýik binasy yşyklandyrma arkaly Türkmenistanyň milli baýdagynyň reňkine bolady.
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan berildi

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Ankaranyň merkezinde ýerleşýän Söwda-senagat palatalary we birža birleşiginiň beýik binasy yşyklandyrma arkaly Türkmenistanyň milli baýdagynyň reňkine bolady.

Bu dostlukly hereket, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini görkezdi.

140 metr beýiklikdäki Türkiýäniň Söwda-senagat palatalary we birža birleşigi Ankaradaky iň beýik binalaryň biri we Türkiýäniň söwda merkezidir.

Ýakynda habar berşimiz ýaly Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Kapadokiýada birnäçe çäreler bilen bellendi.

2-3.jpg

Türkmen ilçihanasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna we Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň birnäçesi Türkiýe Respublikasynyň Newşehir şäherinde geçirildi.

3-3.jpg

Şeýle hem, bu ýerde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulýew bilen Kapadika uniwersitetiniň rektory Hasan Ali Karasaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda bu uniwersitetiň Türkmenistanyň ýaşlarynyň hünär bilimini almak üçin mümkinçilikleri görkezildi.

4.jpg

Duşuşykdan soň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna we Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy we bu mowzukda ylmy maslahat geçirildi.

5-2.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026