

Daşoguzda oba zenanlary üçin goşmaça girdeji çeşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Daşoguz şäherinde oba zenanlary üçin goşmaça girdeji çeşmeleriniň mümkinçilikleri boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä “Köp bähbitleri almak üçin Aral deňziniň basseýninde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslamanyň çäklerinde guraldy. Bu başlangyç Türkmenistanyň Daşky gurşawy garamak ministrligi hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýär.



















