

Mary welaýatynda durmuş maksatly birnäçe desga gurlar
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 1-nji noýabra çenli Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýynda kabul edilýär.


Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 1-nji noýabra çenli Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýynda kabul edilýär.


Ýyly başyndan bäri Özbegistanyň Türkmenistandan satyn alan tebigy gazynyň möçberi 487,9 million amerikan dollaryna barabar boldy. Eger-de Özbegistan iýul aýynda Hytaýa 91,39 million dollarlyk tebigy gaz iberen bolsa, onuň möçberi 41,62 million dollara çenli azaldy.


“Şençžouo-16” ekipažynyň kosmonawtlary orbitada gök ekinleri ösdürip ýetişdirmekde täsirli netijeleri gazandy. “Týangun” kosmos stansiýasynda kosmos bagyny ösdürmek meselesiniň bir bölegi hökmünde ekipažyň agzalary ýörite modullarda sogandan we “gyzyl ülje” atly tohum pomidorlaryndan üstünlikli ter salat ýygnadylar. Bu barada "Russiýa - Hytaý: esasylar" maglumat gullugy tarapyndan habar berilýär.


“Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasynyň hindi ugry boýunça uçarlary 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan 2024-nji ýylyň 27-nji martyna çenli täze meýilnama boýunça uçurylar. Aşgabat - Deli - Aşgabat ugry şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.


Ýaş režissýor Annadurdy Täşliýew ýakyn wagtda 14-15-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda geçirilen “Arkadagyň säheri” atly halkara film festiwaly barada dokumental filmi görkezer.


Türkmen paýtagtynda Italiýanyň kino güni geçiriler. Görkeziliş dabarasy 28-nji oktýabrda, şenbe güni “Aşgabat” kinoteatrynda sagat 17:00-da bolar.


Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammed bin Salman öz ýurdunda 2024-nji ýylyň tomsundan başlap her ýyl kibersport ýaryşlaryny geçirip başlajakdygyny habar berdi. Bu ýaryşlarda klublar «rekord baýrak gaznalaryny» gazanmak we «doly dünýä çempiony» diýlip yglan edilmek maksady bilen dürli dersler boýunça bäsleşerler. Bu beýannama baradaky maglumatlar Reuters.com portalynda çap edildi.


Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Konstantinos Kombos «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» ministrleriň duşuşygynyň çäginde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirdiler. Iki ýurduň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.


Duşenbe güni Lýuksemburgda Merkezi Aziýa - ÝB ministrler duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara gatnaşyklar ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşygy geçirildi.


Aşgabadyň dogan şäheri bolan ABŞ-nyň Albukerke şäherinde 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy. Çäre görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygy mynasybetli gurnaldy. Oňa Türkmenistanyň ylym, medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti gatnaşýar.


23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýa-ÝB ministrler duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi.


Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak – ÝB bilen uzak möhletleýin gatnaşykda esasy mesele bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni, 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygynda beýan etdi.


"Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň geljegine berk ynanýar we onuň bütindünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna ägirt uly mümkinçilikleriniň açylmagyna goşant goşmak bilen, bu gurama bilen strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi we berkitmegi dowam etdirer"- diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň güni mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe iberen gutlagynda aýdylýar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň güni mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlary iberdi.


Brýussel Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň Dialogyna gatnaşyjylaryň saparyna garaşýar. Geljek aýda, 13-15-nji noýabr aralygynda meýilleşdirilýän bu duşuşyk, Aşgabatda ýerleşýän MA-nyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen bilelikde gurnalýar.