Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary öz ýurtlarynda ilçileriň paralel akkreditasiýasy barada ylalaşdylar


Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Konstantinos Kombos «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» ministrleriň duşuşygynyň çäginde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirdiler. Iki ýurduň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Daşary işler ministrleri syýasy we diplomatik gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar we bu meselede öz ýurtlarynda ilçileri paralel akkreditasiýa etmegiň maksadalaýykdygyny bellediler. Ministrler, şeýle hem, döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň guraly hökmünde halkara guramalarynyň platformalarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda degişli hukuk binýadyny döretmegiň zerurlygy hem bellendi. Bu nukdaýnazardan taraplar Türkmenistanyň we Kipriň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyny işläp taýýarlamak meselesine özara gyzyklanma bildirdiler.
Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, işewür toparlaryň alyş-çalşygy hem-de söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryny kesgitlemek boýunça geňeşmeler geçirmek teklip edildi.
ORIENT news








