Hytaýly kosmonawtlar orbitada gök önümleri üstünlikli ösdürip ýetişdirýärler


“Şençžouo-16” ekipažynyň kosmonawtlary orbitada gök ekinleri ösdürip ýetişdirmekde täsirli netijeleri gazandy. “Týangun” kosmos stansiýasynda kosmos bagyny ösdürmek meselesiniň bir bölegi hökmünde ekipažyň agzalary ýörite modullarda sogandan we “gyzyl ülje” atly tohum pomidorlaryndan üstünlikli ter salat ýygnadylar. Bu barada "Russiýa - Hytaý: esasylar" maglumat gullugy tarapyndan habar berilýär.
Kosmos teplisasy, nol agyrlyk şertlerinde ösümlikleriň ösüşini öwrenmek üçin synag meýdançasydyr. Hünärmenleriň pikiriçe, kosmos bagy ýerdäkiden tapawudy ýok. Kosmonawtlar gyzyl, gök we ak ýagtylyk spektrleriniň dogry kombinasiýasyny ulanyp ösümlikler üçin amatly yşyklandyryş döredýärler. Ösümlikler üçin zerur bolan substrat gury orbita iberilýär, soňra bortda suw goşulmagy bilen ösümlikler bu substratda ösdürilýär.
“Şençžouo-16” missiýasy işini tamalap barýar, ýöne kosmonawtlar eýýäm 5 aý töweregi orbitada ýaşap, işlediler, gymmatly gözlegleri geçirdiler we möhüm işleri ýerine ýetirdiler. Kosmosda gök önümleri ösdürip ýetişdirmek, uzak möhletli kosmos syýahatyny we beýleki planetalary kolonizasiýa etmek meýilnamalaryny döretmekde möhüm ädimdir. Mundan başga-da, şeýle synaglar meýilleşdirilýän uzak möhletli orbital stansiýa ýa-da kosmos oturymly ýerleri ýaly geljekki kosmos missiýalary üçin möhüm ähmiýete eýedir.
ORIENT news








