HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Albukerkede Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy

Oktýabr 24, 2023 | 13:56 |6925
Aşgabadyň dogan şäheri bolan ABŞ-nyň Albukerke şäherinde 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy. Çäre görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygy mynasybetli gurnaldy. Oňa Türkmenistanyň ylym, medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti gatnaşýar.Aşgabadyň dogan şäheri bolan ABŞ-nyň Albukerke şäherinde 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy. Çäre görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygy mynasybetli gurnaldy. Oňa Türkmenistanyň ylym, medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti gatnaşýar.
Çeşme: mfa.gov.tm

Aşgabadyň dogan şäheri bolan ABŞ-nyň Albukerke şäherinde 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy. Çäre görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygy mynasybetli gurnaldy. Oňa Türkmenistanyň ylym, medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti gatnaşýar.

Medeniýet günleriniň çäginde ABŞ-daky Türkmenistanyň ilçihanasy we Nýu-Meksiko uniwersiteti Albukerke şäher häkimliginiň goldawy bilen döredijilik duşuşygyny geçirildi. Duşuşykda Magtymgulynyň eserleri türkmen dilinde, şeýle hem iňlis dilindäki terjimeleri okaldy.

Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň we Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň wekilleriniň çykyşlary netijesinde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin maglumatlary aldylar.

Çäräniň dowamynda Amerikan tarapyndan şahyr we Nýu-Meksiko ştatynyň senatynyň agzasy William Boldwin Onil, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berdi we şeýle ajaýyp çärä gatnaşmak mümkinçiligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Meksiko uniwersitetiniň prezidenti Garnett Stouks bilen duşuşygy hem boldy. Taraplar iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen talyplary üçin onlaýn okuwy guramak, şeýle hem uniwersitet mugallymlarynyň ylym we bilim pudagynda tejribe alyşmak üçin Türkmenistana saparlary barada gürrüň edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026