HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple adaty ulanyjylara tehnikany abatlamak üçin niýetlenen programma elýeterliligi üpjün etdi

Dekabr 15, 2023 | 04:22 |6325
Apple kompaniýasy enjamlary özbaşdak abatlamak üçin niýetlenen Self Service Repair programmalary giňeltdi.Apple kompaniýasy enjamlary özbaşdak abatlamak üçin niýetlenen Self Service Repair programmalary giňeltdi.
Çeşme: 3dnews.ru

Apple kompaniýasy enjamlary özbaşdak abatlamak üçin niýetlenen Self Service Repair programmalary giňeltdi.

Indi iPhone 15-iň ähli seriýalaryny we Apple M2В çipli Mac kompýuterlerini ulanyjylar enjamlaryny özbaşdak remont edip bilerler. Olar diňe Apple Store dükanlarynda we ýörite hyzmat merkezlerinde elýeter bolan Apple Diagnostics programma üpjünçiligini ulanyp bilerler.

Bu programma üpjünçiligi näsazlyklary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak işini ýeňilleşdirer. Ol enjamyň aýry-aýry komponentlerini, şol sanda akkumulýatorlary, kameralary, dürli datçikleri barlamaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Apple Diagnostics ABŞ-nyň çäklerinde elýetlidir, indiki ýyldan bolsa ol Ýewropadaky Apple enjamlaryny ulanyjylar üçin hem elýeterli bolar.

Şeýle hem Apple özbaşdak remontyň 24 Ýewropa ýurtlaryndaky, şol sanda Horwatiýadaky, Daniýadaky, Gresiýadaky, Niderlandlardaky, Portugaliýadaky we Şweýsariýadaky ulanyjylar üçin elýeter boljakdygyny habar berdi. Self Service Repair programmasy indi 33 ýurtda we 24 dilde Apple-iň 35 önüminde ulanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026