HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Galkynyş» gaz käniniň Türkmenistan üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar

Dekabr 14, 2023 | 12:40 |6199
“Dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagynda belleýär.“Dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagynda belleýär.
Çeşme: tdh.gov.tm

“Dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagynda belleýär.

“Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy bolsa uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge uly üns berilýär” diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Nygtalyşy ýaly, nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, bu işleri ýokary ekologik talaplara laýyklykda amala aşyrmak, şeýle-de howanyň üýtgemegine täsiri peseltmek öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Türkmenistan ýaňy-ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň belent münberinden Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Ýurdumyz bu borçnamadan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek babatda halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026