Maşgala gymmatlyklary, sagdyn endikler we onlaýn howpsuzlyk – hiç wagt könelmejek ugurlar


ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň guramagynda 14-15-nji dekabrda adam söwdasyna, öý we gender zorluklaryna hem-de neşe serişdelerine garşy göreşmek meseleleri boýunça iki günlük okuw seminary geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärleri, jemgyýetçilik we dini guramalaryň wekilleri hem-de maşgala lukmanlary gatnaşdylar.
Gatnaşyjylara psihologiki basyş we fiziki zorluk bilen bagly adam söwdasyna garşy göreşmek barada gymmatly maglumatlar berildi. Maşgala gymmatlyklary, sagdyn endikler, maşgala býujeti we onlaýn howpsuzlyk ýaly mowzuklara hem garaldy.

Bu seminar dürli taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etdi. Bu hyzmatdaşlyk döwlet edaralary, saglygy goraýyş işgärleri we jemgyýetçilik işgärleri ýaly gyzyklanýan taraplaryň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin möhümdir.

Umuman, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň guran çäresi özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etdi.
ORIENT news








