Habarlar

ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Rus diliniň güni geçirilýärÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Rus diliniň güni geçirilýär

ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Rus diliniň güni geçirilýär

ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda beýik rus şahyry Aleksandr Puşkiniň doglan gününiň 225 ýyllygy mynasybetli Rus diliniň güni geçirilýär. Russiýanyň bu guramanyň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Rinat Alýautdinow: “Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça platformasynda rus diliniň gününi açmaklyk meniň üçin uly mertebedir diýip, geçirilýän çärede belledi.

Türkmenistandan ýaş zenanlary ÝHHG-nyň talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýarTürkmenistandan ýaş zenanlary ÝHHG-nyň talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistandan ýaş zenanlary ÝHHG-nyň talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda aýal-gyzlary goldamak ugrundaky tagallalarynyň çäginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy magistr derejesini almak üçin ikinji kabul edişligi yglan edilýär. Bu ajaýyp mümkinçilik ýaşaýyş jaýy, ulag we aýlyk talyp haky ýaly doly tölegli okuwy şertlendirýär. Bu maksatnama 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Nemes-Gazak uniwersitetinde geçiriler.

Bakuda türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azady baradaky kitap tanyşdyryldyBakuda türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azady baradaky kitap tanyşdyryldy

Bakuda türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azady baradaky kitap tanyşdyryldy

Azerbaýjanda XVIII asyryň görnükli türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi barada azerbaýjan we rus dillerinde neşir edilen ««Вагзы-Азат»: вчера, сегодня, завтра. Об утопическом или реальном мире рассуждал Довлетмаммед Азади?» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitaby meşhur azerbaýjan publisisti, syýasatşynas, CBC teleýaýlymynda gepleşigiň alyp baryjysy Teýmur Ataýew ýazdy, diýip АЗЕРТАДЖ habar berýär.