Habarlar

Türkmenistan bilen Awstriýa söwda dolanşygyny 5 esse artdyrdy: Wenada bu ugurdaky işlere aýratyn ähmiýet berildiTürkmenistan bilen Awstriýa söwda dolanşygyny 5 esse artdyrdy: Wenada bu ugurdaky işlere aýratyn ähmiýet berildi

Türkmenistan bilen Awstriýa söwda dolanşygyny 5 esse artdyrdy: Wenada bu ugurdaky işlere aýratyn ähmiýet berildi

Wenada Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işewirlik duşuşygy geçirildi. 5-nji iýunda, çarşenbe güni geçirilen Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisiniň gün tertibine deslapgy duşuşyklarda gazanylan netijeler girizildi. Mejlise iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň 70-den gowrak wekilleri gatnaşdy. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi.