

Pekiniň howa menzillerinde daşary ýurtly raýatlar üçin hyzmat ediş nokatlar açyldy
2025-nji ýylyň başyndan Pekiniň Şoudu we Dasin halkara howa menzillerinde daşary ýurtly syýahatçylar üçin hyzmat ediş nokatlar açyldy diýip, “Sinhua” habar berýär.


2025-nji ýylyň başyndan Pekiniň Şoudu we Dasin halkara howa menzillerinde daşary ýurtly syýahatçylar üçin hyzmat ediş nokatlar açyldy diýip, “Sinhua” habar berýär.


Gyrgyzystan öz Sanly kodeksini işläp taýýarlan GDA ýurtlarynyň ilkinjsi boldy. Bu bolsa Gyrgyzystan üçin möhüm ädim bolup, işewürlik üçin şertleri gowulandyrmaga we maýa goýumlary çekmäge ýardam berer.


2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda “Mary welaýatynda ýaşaýan aýallaryň we ýaşlaryň ösüşi üçin ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegi” taslamasynyň ýolbaşçysy, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Serdar Agaýewiň “Balkan welaýatynda el hereketler diliniň öwredilşi” atly taslamanyň ýolbaşçysy, “Ýaş ýardamçy” Hojalyk jemgyýetiniň başlygy Jemal Gurbanowa bilen duşuşygy geçirildi.


Hytaýyň “International Ltd.” milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 2025-2027-nji ýyllarda turşyny işläp taýýarlamak we gatlagyň turşy gidroberkligini barlamak (TIT we GTGB) boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada bäsleşigi boýunça taýýarlykdan öňki işlerini yglan edýär.


“Türkmennebit” Döwlet konserni bäsleşik (tender) toparynyň adyndan aşakda görkezilen lotlar boýunça satyn almak barada açyk halkara bäsleşigini yglan edýär.


Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz bin Muhammed Al-Horr bilen duşuşyk geçirdi.


9-njy ýanwarda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.


9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi


Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 18-nji Pravasi Bharatiya Diwas hem-de meşhur Raj Kapuryň 100 ýyllygy mynasybetli hindi kinosynyň aýdym-saz agşamsy geçirildi. Çäre Aşgabatdaky Hindistanyň ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.


USAID-yň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy (TCA) öwreniji eksport edijileri 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aralygynda geçiriljek tejribe webinarlaryna gatnaşmaga çagyrýar.


Gazagystan Aral deňziniň ekoulgamyny dikletmek boýunça uly işleri alyp barýar.


Los-Anjelesde alty sany ýangynyň netijesinde bäş adam heläk boldy. Häkimiýet heläk bolanlaryň sany artar diýip garaşýar. 1000 sany bina, şol sanda meşhur adamlaryň jaýlary hem ýandy.


Sişenbe güni Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siszan awtonom sebitindäki Dingri etrabynda bolup geçen 6,8 derejeli ýertitremeden soň, umumylykda 1 211 sany soňky yranmalar hasaba alyndy diýip, ýerli häkimiýete salgylanyp China Daily habar berýär.


Hytaýyň häkimiýeti ilkinji gezek dolulygyna daşary ýurt döwletine degişli bolan üçünji derejeli hassahanasyna (şäher, welaýat ýa-da milli derejesindäki 500 orunlyk köpugurly edaralar degşli) lukmançylyk tejribesini alyp barmaga ygtyýarnama berdi.


Türkmenistanda erkin we grek-rim göreşi boýunça milli çempionat geçirildi. Türkmenbaşy şäheri çempionatyň geçirilen ýeri boldy