

Aşgabatda Sindzo Abeni hatyraladylar
11-nji iýulda duşenbe güni Aşgabatda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Japoniýanyň ozalky premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, hatyra çäresi geçirildi.


11-nji iýulda duşenbe güni Aşgabatda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Japoniýanyň ozalky premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, hatyra çäresi geçirildi.


Sişenbe güni Daşkentde, Halkara Merkezi Aziýa institutynda “Özbegistan we Türkmenistan. Gatnaşyklaryň täze taryhy tapgyrynda ösüş mümkinçilikleri” diýen at bilen maslahat geçirildi.


Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň gündogar bölegini resmi taýdan açmak üçin Russiýadan Hindistana ugran ilkinji demir ýol arkaly üstaşyr barýan ýük sişenbe güni Türkmenistanyň serhet geçelgesiniň üsti bilen Eýrana geldi diýip, IRNA habar berýär.


Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $15,5 million bolan 45 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty kabul ediş kampaniýasyny duşenbe güni 11-nji iýulda başlaýar. Talyplyga kabul etmek bakalawr, hünärmen we magistr maksatnamalary boýunça amala aşyrylýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady meseleler boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa ýurtda aýlyk zähmet hakynyň iň pes derejesine gaýtadan seretmegi tabşyrdy diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2022/2023-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýändigini yglan edýär


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2022/2023-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär


Tölegli esasda okan Türkmenistanyň ÝOM-niň uçurymlaryna diplom almak üçin iki ýyllyk zähmet tejribeligi hökmany şert bolmaz.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşary döwletlerdäki diplomatik wekillerini bellemek we işden boşatmak baradaky Permanlaryň birnäçesine gol çekdi – diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.


11-nji iýulda Türkmenistanda ýokary, orta we hünär okuw mekdeplerine giriş möwsümine badalga berilýär we ol 26-njy awgusta çenli dowam eder.


Merkezden uzaklarda ýerleşen etraplaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli milli maksatnamanyň çäklerinde 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda Türkmenistanyň oba ýerlerinde 246 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.


Anna güni ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport meseleleri boýunça wise-premýer wezipesine bellenilen Nurmuhammet Amannepesowa Mary welaýatyna gözegçilik etmek tabşyryldy.


Serdar Berdimuhamedow ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport boýunça wise-premýeri täzeledi. Sapardurdy Toýlyýewiň ýerine häzire çenli saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bolup işlän Nurmuhammet Amannepesow geldi.


Ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.