HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekiniň howa menzillerinde daşary ýurtly raýatlar üçin hyzmat ediş nokatlar açyldy

Ýanwar 10, 2025 | 13:20 |11847
2025-nji ýylyň başyndan Pekiniň Şoudu we Dasin halkara howa menzillerinde daşary ýurtly syýahatçylar üçin hyzmat ediş nokatlar açyldy diýip, “Sinhua” habar berýär.2025-nji ýylyň başyndan Pekiniň Şoudu we Dasin halkara howa menzillerinde daşary ýurtly syýahatçylar üçin hyzmat ediş nokatlar açyldy diýip, “Sinhua” habar berýär.
Çeşme: russian.news.cn

2025-nji ýylyň başyndan Pekiniň Şoudu we Dasin halkara howa menzillerinde daşary ýurtly syýahatçylar üçin hyzmat ediş nokatlar açyldy diýip, “Sinhua” habar berýär.

Bu nokatlar “bir penjire” görnüşinde işläp, maliýe, aragatnaşyk, ulag, medeniýet we syýahatçylyk ýaly pudaklary öz içine alýan 20-den gowrak dürli hyzmatlary hödürleýärler.

Girizilen täzeçilik Hytaýyň paýtagtyna dynç almak, okuw ýa-da iş maksatlary bilen gelýän daşary ýurtly raýatlar üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Syýahatçylar bank kartlaryndan nagt pullary çekmek, walýutany çalyşmak hem-de ykjam hasaplaşyklar üçin ýerli gollanmalary gurnamakda ýardam almak üçin bu nokatlardan peýdalanyp bilerler. Şeýle-de sim-kartalaryň satuwy, Wi-Fi birikmek mümkinçiligi, syýahatyň ugurlaryny düzmek we syýahatçylyk ýerlerine biletleri öňünden sargyt edip goýmak boýunça hyzmatlar elýeterlidir. Satyn almalaryň, köpçülikleýin ulag gatnawlarynyň we ýadygärliklere barmagyň töleglerini aňsatlaşdyrýan Beijing Pass köpugurly kartasy hem möhüm hyzmatlaryň biri bolup durýar.

2024-nji ýylda hytaý paýtagtynyň ýokarda agzalan howa menzilleriniň ýolagçy akymy 117 mln adamdan gowrak boldy, bu hem öňki ýyl bilen deňeşdirilende 26,2 % köpdür. Munuň bilen birlikde halkara ýolagçylaryň paýy 16,8 % düzdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026