HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID-yň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy eksport edijileri tejribe webinarlara çagyrýar

Ýanwar 09, 2025 | 16:20 |7205
USAID-yň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy (TCA) öwreniji eksport edijileri 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aralygynda geçiriljek tejribe webinarlaryna gatnaşmaga çagyrýar.USAID-yň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy (TCA) öwreniji eksport edijileri 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aralygynda geçiriljek tejribe webinarlaryna gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme: orient.tm

USAID-yň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy (TCA) öwreniji eksport edijileri 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aralygynda geçiriljek tejribe webinarlaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Webinaryň mowzuklary:

  1. Kärhananyň eksport işine taýýarlygyny tiz bahalandyrmak;

  2. Sergä gatnaşmakdan iň ýokary netijeleri almagyň usullary (çäreden öň, çäre wagty we ondan soňra marketing boýunça maslahatlar);

  3. Onlaýn-gurallaryň kömegi bilen daşary ýurt bazarlarynyň seljerilmegi we barlaglary.

“Kärhananyň eksport işine taýýarlygyny tiz bahalandyrmak” mowzugy boýunça birinji webinar 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda onlaýn-görnüşinde geçiriler. Bu webinarda siz amaly bilimleri, amatly gurallar, kärhananyň halkara bazarlaryna çykamagynyň ýa-da daşary ýurtda onuň işiniň giňeldilmeginiň taýýarlygyny bahalandyrmak üçin usulyýeti barada maglumatlary alarsyňyz.

Gatnaşmak üçin 2025-nji ýylyň 16-njy ýanwaryna çenli anketany doldurmaly.

Webinara gatnaşmak mugt esasda amala aşyrylýar. Gatnaşmak üçin arzalar bäsleşik esasynda saýlanyp alynar. Birikmek boýunça gollanma we webinaryň anyk senesi ähli arzalar işlenip taýyn edilenden soňra belli bolar.

Webinaryň dili: rus dili.

Goşulşyň we üstünlikli eksport ýoluny eýýäm şu günden başlaň!

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026