Habarlar

Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçirilerAşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler

Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 13–15-nji maý aralygynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň, halkara guramalaryň we hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar sebitde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hereketleri ilerletmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar

Belgiýadaky Ilçihanada: Ýewropanyň 20 media ulgamynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlaryBelgiýadaky Ilçihanada: Ýewropanyň 20 media ulgamynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary

Belgiýadaky Ilçihanada: Ýewropanyň 20 media ulgamynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy Ýewropanyň media giňişliginde işjeň işleri alyp barýar ýagny ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip, yglan etmek başlangyjyny wagyz edýär

Gazagystanda daşary ýurtly syýahatçylara QR-belgili kartlar berilip başlandyGazagystanda daşary ýurtly syýahatçylara QR-belgili kartlar berilip başlandy

Gazagystanda daşary ýurtly syýahatçylara QR-belgili kartlar berilip başlandy

Gazagystanda daşary ýurtly syýahatçylara QR-belgili kartlar berilip başlandy. Olar SafeTravel.kz köpdilli portala elýeterlilik mümkinçiligini berýär. Bu başlangyç 2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministrligi tarapyndan yglan edildi. Ol ýurda gelýän syýahatçylaryň howpsuzlygyny we ýurtda bolan wagtlary olaryň rahatlygyny üpjün etmäge gönükdirilen.