HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen gepleşikleri geçirdi

Fewral 05, 2025 | 22:30 |7435
5-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi5-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: mfa.gov.tm

5-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy boýunça türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan iň ýokary derejedäki gepleşiklere aýratyn orun berilýär.

Taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, Osaka şäherinde geçiriljek EXPO 2025 Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň guralmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

05022025-glava-mid-turkmenistana-sovetnik-premer-ministra-yaponii (2).jpg

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ugurlarda, şol sanda gaz pudagynda we himiýa senagatynda özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesini toplandyklaryny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen toparlarynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtadylar.

Şunuň bilen birlikde, taraplar “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki Birinji sammite taýýarlyk görmek meselelerine garadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026