HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe Müsüre taryhy tapyndylary gaýdyp berdi

Fewral 05, 2025 | 18:40 |6361
Türkiýe bilen Müsüriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek baradaky ygrarlylygyny görkezýän möhüm diplomatik ädim hökmünde, Türkiýeden Müsüre 152 sany taryhy tapyndylar gaýtaryldyTürkiýe bilen Müsüriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek baradaky ygrarlylygyny görkezýän möhüm diplomatik ädim hökmünde, Türkiýeden Müsüre 152 sany taryhy tapyndylar gaýtaryldy
Çeşme: AA

Türkiýe bilen Müsüriň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek baradaky ygrarlylygyny görkezýän möhüm diplomatik ädim hökmünde, Türkiýeden Müsüre 152 sany taryhy tapyndylar gaýtaryldy.

«Anadolu» habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, taryhy tapyndylary yzyna gaýtarmak dabarasyna Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem-de Müsüriň gadymy eserler we syýahatçylyk ministri Şerif Fathi gatnaşdylar. Dabara çäklerinde iki ministr iki ýurduň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.

Gaýtarylan gadymy medeni miras nusgalary 1998-nji ýylda Türkiýa gelen daşary ýurt raýaty tarapyndan bikanun alynypdyr. Olaryň hatarynda b.e.ö. 2000-nji ýyla degişli bürünç, aýna we daş tumarlar hem-de monjuk bölekleri bar.

Ministr Ersoý dabarada eden çykyşynda medeni gymmatlyklaryň öz gelip çykyş ýerlerinde ýaşaýan halklaryň şahsyýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtady. Ol Türkiýänyň medeni mirasynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ugrunda hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026