HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler

Fewral 05, 2025 | 20:45 |8864
Şu ýylyň 13–15-nji maý aralygynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň, halkara guramalaryň we hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar sebitde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hereketleri ilerletmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlarŞu ýylyň 13–15-nji maý aralygynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň, halkara guramalaryň we hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar sebitde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hereketleri ilerletmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar
Çeşme: orient.tm

Şu ýylyň 13–15-nji maý aralygynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň, halkara guramalaryň we hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar sebitde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hereketleri ilerletmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Maslahatyň esasy mowzugy – «Merkezi Aziýada sebit we milli derejede alnyp barylýan çäreler arkaly klimatik maliýeleşdiriş boýunça ählumumy maksada ýetmek». Esasy üns maliýe serişdelerini mobilizasiýa etmäge, sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmaga gönükdiriler.

28-nji ýanwar – 1-nji fewral aralygynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudowyň Aşgabat şäherine eden iş saparynyň dowamynda maslahatyň gün tertibine giriziljek meseleler we taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň – temperaturanyň ýokarlanmagy, çölleşme we buzluklaryň tiz eremegi – Merkezi Aziýa sebitine ýetirýän täsirlerini göz öňünde tutup, howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa - 2025 maslahaty sebit ýurtlarynyň ekologik taýdan has durnukly geljege geçmegi üçin zerur maliýe we syýasy goldawy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm gepleşik meýdançasy bolar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Merkezi Aziýa maslahaty – sebitde hökümet wekillerini, halkara guramalary, ylmy jemgyýetçiligi we raýat jemgyýetini birleşdirýän esasy platforma bolup durýar. Maslahatyň maksady – sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilim we tejribe alyşmak hem-de Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin bilelikdäki çözgütleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa-2025 maslahatynyň geçirilmegi sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we howanyň üýtgemegi bilen bagly taslamalar üçin goşmaça serişdeleri çekmäge uly itergi berer.

HÜMAM-2025 maslahaty Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa Merkezi (MASEM) tarapyndan Bütindünýä banky, Merkezi Aziýa üçin Suw-energetika maksatnamasy (MASEM), RESILAND CA+ maksatnamasy we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026