HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE gyşky syýahatçylygyň bütindünýä merkezine öwrülýär

Fewral 05, 2025 | 14:15 |5273
Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) gyşky syýahatçylygyň bütindünýä merkezine öwrülip, her ýyl millionlarça daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär.Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) gyşky syýahatçylygyň bütindünýä merkezine öwrülip, her ýyl millionlarça daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär.
Çeşme: russianemirates.com

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) gyşky syýahatçylygyň bütindünýä merkezine öwrülip, her ýyl millionlarça daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär.

Bütindünýä ykdysady forumyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ýurda 29,2 mln syýahatçy baryp gördi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15,5 % köpdür. 2033-nji ýyla çenli syýahatçylaryň sany 45,5 mln adama çenli köpeljekdigine gaaşylýar. BAE syýahatçylygy we syýahatlary ösüdrmegiň dünýä indeksi boýunça 18-nji ýeri eýeläp, sebitde öňdebaryjylygy saklaýar.

BAE-da syýahatçylygy ösdürmegiň strategiýasy 2031-nji ýyla çenli 100 mlrd dirhem möçberinde maýa goýumlaryň çekilmegine we 40 mln adam möçberinde syýahatçylyk akymynyň artdyrylmagyna gönükdirilen. Gyşky möwsüm syýahatçylyk pudagy üçin iň ýokary görkezijili boldy. Ýurduň häkimiýetleri “Dünýäde iň ajaýyp gyş” atly bäşinji kampaniýany başladyp, ol dürli görnüşli gyş güýmenjeleri, şol sanda çöl safarilerini, dag gezelençlerini we kempingi hödürleýär. Syýahatçylar BAE-niň özboluşly tebigatyny, şol sanda daglary, çölleri we kenarýakalaryny syn edip, şeýle hem paraplanerizm we ziplaýn ýaly dynç almagyň işjeň görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler. Infrastrukturanyň ösdürilmegi we teklipleriň köpdürliligi BAE-ni gyşky syýahatçylyk üçin özüne çekiji ugruna öwürýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026