Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda birnäçe kanunlaryň taslamalary kabul edildiTürkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda birnäçe kanunlaryň taslamalary kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda birnäçe kanunlaryň taslamalary kabul edildi

12-nji aprelde, şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahatda “Kazyýet hakynda” (täze beýany), “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi

2031-nji ýylyň Aziýa Kubogyny geçirmeklige dalaşgärleriň täzelenen sanawy bilen tanyşdyryldy2031-nji ýylyň Aziýa Kubogyny geçirmeklige dalaşgärleriň täzelenen sanawy bilen tanyşdyryldy

2031-nji ýylyň Aziýa Kubogyny geçirmeklige dalaşgärleriň täzelenen sanawy bilen tanyşdyryldy

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) 2031-nji ýylyň Aziýa Kubogyny geçirmeklige dalaşgärleriň täzelenen sanawyny mälim etdi. Ozal ýaryşy geçirmek üçin öz arzalaryny Awstraliýa, Indoneziýa, Günorta Koreýa, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri hem-de Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilelikdäki arzasyny tabşyrdy. Indi bu sanawa Hindistan hem goşuldy.