HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

16-njy aprelde Astanada II Merkezi Aziýa media forumy açylar

Aprel 12, 2025 | 14:35 |5087
Ikinji Merkezi Aziýa media forumy Astana şäherinde 2025-nji ýylyň 16-njy we 17-nji aprelinde geçer.Ikinji Merkezi Aziýa media forumy Astana şäherinde 2025-nji ýylyň 16-njy we 17-nji aprelinde geçer.
Çeşme: gov.kz

Ikinji Merkezi Aziýa media forumy Astana şäherinde 2025-nji ýylyň 16-njy we 17-nji aprelinde geçer.

Bu möhüm wakanyň 500-den gowrak gatnaşyjylary, şol sanda Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň media ulgamynyň ýolbaşçylaryny we bilermenlerini, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Kataryň we Russiýanyň wekillerini ýygnamagyna garaşylýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we habarlar ministrligi habar berýär.

Forumyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň möhüm ugurlary, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ösüşiň täze nokatlary we hyzmatdaşlygy, global medianyň ösüşi, geljegiň maglumat meýdançasynyň emele gelmegi, şeýle hem emeli aň we uly maglumatlar eýýamynda medianyň sanly transformasiýasy ara alnyp maslahatlaşylar.

Gatnaşyjylar ýurduň abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda sosial ulgamlaryň ornuna hem gararlar. Esasy ýygnaklardan daşary Euronews we CNN ýaly guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Habarlar ministrleriniň iş duşuşygy geçiriler.

Media foruma gatnaşmak üçin ýazylmak çäräniň resmi saýtynda elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026