HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli aňdan başlap uçýan awtoulaglara çenli: Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO-2025” sergisi nämeler bilen haýran galdyrar?

Aprel 12, 2025 | 09:40 |5275
Belli bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi açylar.Belli bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi açylar.
Çeşme: www.expo2025.or

Belli bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi açylar. Giň gerimli halkara çäresi Osaka aýlagyndaky Ýumeşima emeli adasynda geçirilip, alty aýlap, ýagny 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabryna çenli dowam eder.

Sergi “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini gurmak” atly şygar astynda geçiriler. Onuň “Adamlaryň janly barlaghanasy” atly esasy konsepsiýasynyň çäklerinde durnukly, inklýuziw we tehnologik ösüş üçin innowasion çözgütleriň gözlegine aýratyn üns beriler. Maslahatlaşmalaryň we sergileriň esasy ugurlary ýaşaýşy gorap saklamak, saglygy berkitmek we jemgyýetde özara baglanyşyklary emele getirmek ýaly temalara degişli bolar.

Guramaçylaryň çaklamalaryna görä, “EKSPO-2025” sergisine 28 mln golaý adam barar. 150-den gowrak ýurtlar we halkara guramalar sergä gatnaşmaklaryny tassykladylar. 1,55 km2 meýdanda milli pawilýonlar, tematiki taslamalar we görkeziliş zolaklary ýaýbaňlanar. Ýaponiýa we Osaka şäheri “Täzeden dogulyş” atly tema bagyşlanan Ýaponiýanyň Pawilýony we Osakanyň Pawilýony ýaly özüniň sergilerini taýýarlarlar.

Sergide akylly mobillik, şol sanda uçýan awtoulaglar we MaaS integrirlenen ulag ulgamlary ýaly öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we uglerodly bitarap energetika, robototehnika, 5G-aragatnaşyk we emeli aň binýadyndaky çözgütler, Zatlaryň interneti hem-de uly maglumatlaryň derňewi ýaly iň täze tehnologiýalar babatda eksponatlaryň sergilenjekdigine garaşylýar. Ilkinji gezek wirtual formata aýratyn üns beriler: goşmaça we wirtual tehnologiýalar, şeýle hem sanly awatarlar we onlaýn-ekspozisiýalar arkaly çärä bütin dünýäniň adamlary, şol sanda çäklendirilen mümkinçilikleri bolan adamlar hem gatnaşyp bilerler.

“EKSPO-2025” sergisiniň esasy maksady tehnologiki innowasiýalaryň, durnuklylygyň, medeni köpdürliligiň we hemmeler üçin elýeterli mümkinçilikleriň sazlaşykly utgaşdyrylan geljegiň garaýşyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Guramaçy hökmünde Ýaponiýanyň 2025-nji ýylyň Bütindünýä sergi birleşigi çykyş edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026