HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi: esasy temalar

Aprel 12, 2025 | 04:40 |6639
Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildiPrezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, 12-nji aprel, ORIENT. Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Milli parlamentiň öňde boljak maslahatynda deputatlar “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyny we beýleki kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Hasabat döwründe milli parlamentiň deputatlary BMG-niň we ÝHHG-niň okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Mejlisiň wekili BMG-niň durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyna gatnaşmak üçin Ženewa şäherinde iş saparynda boldy. Mundan başga-da, deputatlaryň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 150-nji assambleýasyna gatnaşdylar.

Wise-premýer Batyr Amanow döwlet Baştutanyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýera forumyň ýokary derejede gurulmagyny we geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk toplumynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini dowam etdirmegi we gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy.

Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowyň hasabatyny diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyklary gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, hereket edýän zowodlaryň we fabriklaryň bökdençsiz işleýşini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmet Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentligi ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň maksatnamasyna gatnaşýar.

Munuň özi ýurdumyzyň howa ulaglary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly teklibi makullady.

Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Nökerguly Atagulýew, Bahar Seýidowa we wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdi. Olaryň hasabatlary barada aýratynlykda salgylar boýunça okap bilersiňiz.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026