

Agajyň sagdyn ösmegi üçin, ony nädip dogry ekmeli
Nahallary nädip dogry saýlap almaly, agajyň sagdyn hem owadan bolup ösmegi üçin, ony nädip dogry ekmeli – ORIENT-däki makaladan okap bilersiňiz.


Nahallary nädip dogry saýlap almaly, agajyň sagdyn hem owadan bolup ösmegi üçin, ony nädip dogry ekmeli – ORIENT-däki makaladan okap bilersiňiz.


Göçmek – bu ahlak hem fiziki nukdaýnazardan, dürli sebäplere görä bar bolan ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşykly örän kyn karardyr. Biziň köpümiz habarlarda ol ýa-da başga sebäplere görä daşary ýurtlara göçüp barýan adamlary görendiris. «Gowy durmuş» gözläp, gaýry ýurtlara barýanlaryň ykbaly çüwüp hem biler, ýa-da olaryň takdyry ters gelip, öňünde goýan meýilleri şowsuzlyga duçar bolup biler, bu bolsa işi ugruna bolmadyk migrantlaryň sany boýunça dünýä statistikasyna goşant bolar.


Tähran Eýran bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň arasynda üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji ministrler sammitini kabul etdi. Şeýle hem duşuşyga Russiýanyň, Azerbaýjanyň hem-de Eýranyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň wekilleri gatnaşdylar.


Şenbe güni Tähranda Eýranyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pudak ýolbaşçylarynyň ilkinji sammitiniň öňüsyrasynda bu döwletleriň transport ministrleriniň orunbasarlary derejesinde alty taraplaýyn duşuşyk geçirildi. 9-njy oktýabr, ýekşenbe güni geçiriljek gepleşikleriň netijesi boýunça ministrler tarapyndan kabul ediljek bilelikdäki resminamanyň düzgünlerini utgaşdyrmak duşuşygyň esasy mowzugy boldy.


Anna güni, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $12,2 million hem-de 10,7 million manat bolan 14 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katara saparyny guramak mümkinçiliklerine anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda garaldy. Bu mesele Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew we Katar döwletiniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammet Meshel Al-Otaibi bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


BAE-niň Dragon Oil kompaniýasy 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly Halkara maslahatynda gymmatly hyzmatdaş hökmünde çykyş eder.


25-nji oktýabrda Belarussiýanyň “Belawiýa” awiakompaniýasy Minsk-Türkmenbaşy-Minsk ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyryp başlaýar we bu ugur üçin awiabiletleri satyp başlaýar. Bu barada habar awiakompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy.


ÝUNISEF-iň uny peýdaly mikroelementler bilen baýlaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde we ýurduň hökümeti tarapyndan satyn alnyp, Türkmenistana getirilýän goşundylaryň üçünji we soňky tapgyry ýylyň ahyryna çenli gelmeli. Bu barada ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň saýtynda habar berilýär.


Doktor Mihael Lýudwig – meşhur awstriýaly syýasatçy, 2018-nji ýylyň 24-nji maýyndan bäri Wenanyň meri we gubernatory. Ol hemişe Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň taslamalaryna goldaw berdi. IV Wena balyna ýardamçylyk etdi, bala, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Galkynyş” türkmen-awstriýa žurnalynyň ýörite sanyna we ş.m. gutlag hatyny iberdi.


Anna güni Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde Kopetdagyň eteginde şäheriň ruhy duralgasyna öwrüljek täze metjidiň gurulmaly ýerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka berdi.


«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, türkmen talyplary Durnukly ösüş maksatlary boýunça talyplaryň halkara olimpiadasyna gatnaşyp, ony iň gowy netijeleri gazanmak bilen tamamladylar.


Milli adam hukuklary institutlarynyň Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň wekiliýeti Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin Türkmenistana sapar bilen geldi, onuň netijeleri ýurduň Adalatçysynyň Strategiki iş meýilnamasyny düzmäge hyzmat eder.


Anna güni Sankt-Peterburgda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarussiýanyyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerini bir ýere jemlän GDA-nyň resmi däl sammitinde ilkinji “Russiýa – Merkezi Aziýa” sammitine görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.


GDA-nyň ýanynda Rus dilini öňe ilerletmek boýunça halkara guramany döretmegi anna güni Sankt-Peterburgda Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitiniň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew teklip etdi. Gazagystanly kärdeşiniň pikirini RF-niň Baştutany Wladimir Putin goldady diýip, TASS habar berýär.