GDA-da rus dili ileri tutular


GDA-nyň ýanynda Rus dilini öňe ilerletmek boýunça halkara guramany döretmegi anna güni Sankt-Peterburgda Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitiniň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew teklip etdi. Gazagystanly kärdeşiniň pikirini RF-niň Baştutany Wladimir Putin goldady diýip, TASS habar berýär.
“Biz şeýle pikiri üçin Prezident Tokaýewe örän minnetdardyrys. Munuň rus diliniň döwletara gepleşik dili bolup durýandygyny göz öňünde tutanyňda, hemmeler üçin möhümdigi gürrüňsizdir hem-de anyk häsiýete eýedigini ikirjiňlenmän aýdyp bolar” diýip, RF-niň Prezident nygtady.
Geljek 2023-nji ýyl GDA-da döwletara gepleşik dili hökmünde Rus diliniň ýyly diýlip yglan edildi, şoňa görä-de, Russiýa Gazagystanyň teklibini hemmetaraplaýyn goldar hem-de taslamanyň tiz durmuşa geçirilmegi üçin hemme tagallalary eder – diýip, rus döwletiniň Baştutany aýtdy.
Türkmenistanda rus diliniň mekdebe çenli we okuw edaralarynyň – çagalar baglarynyň, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriň ählisinde okadylýandygyny ýatlap geçmek ýerlikli bolar. 800-den gowrak çagalar 2002-nji ýylda Aşgabatda açylan A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän mekdepde okaýarlar.
Ýurtda 1926-njy ýylda tomşaçylar üçin öz gapylaryny ilkinji gezek açan A.S. Puşkin adyndaky Rus drama teatry işleýär. Şeýle hem rus dili ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde – metbugat görnüşinde bolşy ýaly, elektron habar beriş serişdelerinde hem goldanylýar.
ORIENT news
Foto: RIA «Nowosti»








