Dragon Oil – OGT-2022-niň gymmatly hyzmatdaşy


BAE-niň Dragon Oil kompaniýasy 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly Halkara maslahatynda gymmatly hyzmatdaş hökmünde çykyş eder.
Merkezi edarasy Dubaýda ýerleşen arap kompaniýasy nebitli we gazly känleri gözlap tapmak, işläp taýýarlamak hem-de ulanyşa tabşyrmak babatda öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we tejribesiniň bolmagy netijesinde pudakda esasy orunlary eýeleýär.
Soňky on ýylda Dragon Oil esasy serişdesi Türkmenistanda jemlenen nebitgaz kompaniýasy bolanlygyndan ählumumy derejeli operatora öwrüldi. Onuň Yrakda, Müsürde we Owganystanda gazyp alyş hem-de geologiýagözleg serişdeleri bolup, öz paýdarlaryna durnukly ösüşi gazanmak hem-de gymmatlyk döretmek üçin emele getiren aktiwlerini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda öňdebaryjy usullary hem-de innowasiýalary ulanýar.

Dragon Oil-iň iň möhüm iş serişdesi Türkmenistanyň günorta-günbatar böleginde Hazar deňziniň ýalpaklygyndaky Çeleken känidir, ol 2000-nji ýyldan bäri üstünlikli işlenilýär. Çeleken toplumy iki sany esasy (Jeýtun we Jygalybeg) känleri, şeýle hem geljegi uly beýleki desgalary özünde jemleýär. Känler Çeleken ýarym adasynyň kenaryndan takmynan 10-40 kilometrlikde, 10-dan 30 metre çenli çuňlukda ýerleşýär.
Ýakynda kompaniýa tarapyndan Müsürde Sues aýlagynda birnäçe känler, hususan-da, June, Ramadan, October we Murjan känleri, şeýle hem Yrakda 9-njy toplum satyn alyndy.
Dragon Oil-iň Türkmenistandaky we Müsürdäki şertnamalarda 100% ygtyýary we Yrak toplumynda Hytaýdan bolan WEG-iň beýleki hyzmatdaşlary hem-de Müsüriň General Petroleum korporasiýasy bilen bilelikde diňe 30%-e ygtyýary bar.

Häzirki wagtda kompaniýa işjeň serişdeleriniň üçüsinde bir gije-gündizde 160 000 barrel nebit öndürýär hem-de 2026-njy ýyla çenli bir gije-gündizde 300 000 barrel nebit çykarmak arkaly önümçiliginiň iň ýokary derejesine ýetmegi maksat edinýär. Bu bolsa eýýäm bar bolan işjeň serişdeleriniň ösmegine hem-de ösüş üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyna getirer.
Dragon Oil dünýä derejesinde howanyň ýylamagyny azaltmak babatda ählumumy gün tertibine ygrarly bolmak bilen, öz kärhanalarynda ugurdaş gazyň ýakylşyny örän az möçbere getirmäge ymtylýar.
Hünärmenler kompaniýanyň iň esasy serişdesi hasaplanylýar. Dragon Oil 40 dan gowrak milletlere wekilçilik edýän 2500-den gowrak işgärler düzümine eýe bolup, olaryň örän köpdürlidigine buýsanýar hem-de olaryň kuwwatyny, aýratyn-da, kabul edýän ýurtlarda ýerli işgärleri ösdürmegi maksat edinýär. Dragon Oil işine ýokary derejede ussatlary saýlaýar hem-de olar bilen işläp, işgärleriň tehniki we kommunikasion başarnyklarynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin dürli maksatnamalary durmuşa geçirýär.
Dragon Oil-iň akademiki maksatnamalary orta mekdepleriň uçurymlary üçin işe ýerleşmäge mümkinçilik döredýär hem-de olaryň iş ýerinde öwrenmegini, işleriň innowasion medeniýetine üns bermek bilen okuw geçmegi üpjün edýär.
ORIENT news








