Sankt-Peterburgda ilkinji “Russiýa-Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyyň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy
Oktýabr 08, 2022 | 06:29 |8074


Anna güni Sankt-Peterburgda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarussiýanyyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerini bir ýere jemlän GDA-nyň resmi däl sammitinde ilkinji “Russiýa – Merkezi Aziýa” sammitine görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ol geljek hepde Astanada geçiriler we taryhda ilkinji “Russiýa – Merkezi Aziýa” sammiti bolar.
5+1 formaty soňky döwürde uly meşhurlyga eýe boldy. Merkezi Aziýanyň bäş döwleti häzirki wagtda köp döwletleriň geosyýasy üns merkezine öwrülen bu sebit bilen gepleşikleriň bir tarapy bolup çykyş edýär. Şeýle platformalar eýýäm ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan we ş.m. bilen döredildi.
ORIENT news








