Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze dolandyryş merkezinde sadaka berdi


Anna güni Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde Kopetdagyň eteginde şäheriň ruhy duralgasyna öwrüljek täze metjidiň gurulmaly ýerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka berdi.

Türkmen halkynyň däbinde köpçülikleýin nahar köpmanyly jemgyýetçilik funksiýalaryna eýedir, bu däbiň öz kadalary we däp-dessurlary bar. Köplenç, uly we möhüm işiň başlanmagy ýa-da tamamlanmagy mynasybetli berilýär. Bu gezekki sadaka bäş ýarym müň adam üçin niýetlenen täze metjidiň gurluşygyna başlanylmagy mynasybetli berildi.

Umuman aýdanyňda, sadaka adamlaryň, jemgyýetiň bitewiliginiň simwoliki beýanydyr. Juma hem musulmanlar üçin aýratyn gün. Şonuň üçin, baýramçylyk sadakasynyň Muhammet pygamberiň doglan gününe gabat gelmegi hem gowulygy alamatlandyrýar.

Ymamlar bilen söhbetdeşlikde Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň gurluşygyna başlanylmagynyň Ahal welaýatynyň täze merkezinde köpsanly ýagşy işleriň başlangyjy boljakdygyna umyt bildirdi.

Nahar çekilmezden ozal, Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol düýn Türkmenistanda Hatyra gününiň bellenendigini aýtdy. Däp-dessurlara laýyklykda, ýer titremesiniň pidalarynyň we söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna tebärek çykyldy we aýat-töwirler edildi. Häzirki wagtda Ahalyň täze merkezinde geljege gowy arzuw hökmünde baýramçylyk sadakasy berilýär.

Dini däp-dessurlar berjaý edilenden soň, türkmen saçagyna mahsus bolan tagamlar çekildi. Soňra aýat-töwir okaldy.
ORIENT news













