

Brodweýiň mukamy Aşgabadyň tomaşaçylaryny maýyl etdi
Anna güni Aşgabatda Mukamlar köşgünde brodweýli artistler Keýt Bassyň we Aarong Ýangyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Bilelikdäki aýdym-saz çykyşyna dirižýor Resul Glyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Döwlet horunyň artistleri gatnaşdylar.



















