HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşarlar

Fewral 10, 2023 | 10:08 |9291
23-24-nji martda Sankt-Peterburgyň Tawriýa köşgünde «Sagdyn jemgyýet» atly forum geçiriler, onda GDA ýurtlaryndan bolan öňdebaryjy bilermenler bir ýere jemlener – diýip, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.23-24-nji martda Sankt-Peterburgyň Tawriýa köşgünde «Sagdyn jemgyýet» atly forum geçiriler, onda GDA ýurtlaryndan bolan öňdebaryjy bilermenler bir ýere jemlener – diýip, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.
Çeşme: cis.minsk.by

23-24-nji martda Sankt-Peterburgyň Tawriýa köşgünde «Sagdyn jemgyýet» atly forum geçiriler, onda GDA ýurtlaryndan bolan öňdebaryjy bilermenler bir ýere jemlener – diýip, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.

«Saglygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk üçin Giňişlik» şygary astynda geçirilýän forum saglygy goraýyş pudagyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Arkalaşygyň giňişliginde lukmançylyk önümleriniň işlenip taýýarlanmagyny we öndürilmegini höweslendirmäge niýetlenendir.

Döwlete degişli we hususy pudaklaryň wekilleri, ylmy intelligensiýa lukmançylyk kömegini bermek babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini, raýatlaryň abadançylygyny üpjün etmek üçin Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda özara hereket etmegi we tejribe alyşmagy maslahatlaşarlar.

Çäräni «Sagdyn jemgyýet» atly Roskongres Gaznasynyň taslamasy we Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň goldamagynda, Leningrad oblastynyň häkimiýetleri we RF-nyň Senagat we Söwda ministrlikleri guraýarlar.

Forum baradaky has jikme-jik maglumaty çäräniň saýtynda alyp bolýar. Hasaba alynmak hem şol ýerde edilýär.

Geçirilen ýyllarynda «Sagdyn jemgyýet» forumy köptaraplaýyn dialog we saglygy goraýşy ösdürmegiň dürli ugurlaryndan amaly bilermenlik tekliplerini taýýarlamak boýunça özüni öňdebaryjy meýdança hökmünde tanadypdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026