

Dragon Oil ýakyn 15 ýylda Türkmenistana 8 mlrd amerikan dollaryndan az bolmadyk maýa goýmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň täze reformalary, milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurt bilen maýa goýum gatnaşygyny ep-esli giňeltmäge ýardam edýär, sebäbi ilkinji nobatda maýa goýumçylar goýumlardan geljek girdejini gözden geçirýärler, şeýle hem intellektual aktiwleriň transferi barada pikir edýärler. Bu barada Dubaýyň Ýerine ýetirji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum Türkmenistanyň nebit-gaz maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.



















