Habarlar

Türkmenistanly bilermen Almatyda Merkezi Aziýanyň Ýaşlar liderlik akademiýasynyň okuw meýilnamasyna gatnaşdyTürkmenistanly bilermen Almatyda Merkezi Aziýanyň Ýaşlar liderlik akademiýasynyň okuw meýilnamasyna gatnaşdy

Türkmenistanly bilermen Almatyda Merkezi Aziýanyň Ýaşlar liderlik akademiýasynyň okuw meýilnamasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekili Mihail Minenkow "CAYLA - Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderlik akademiýasy" sebitara okuw meýilnamasyna gatnaşdy. Bu okuwlar 28-nji maýdan 4-nji iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirildi we Gazagystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan ekologiýa we tebigaty goramak pudagyndaky bilermenleri ýygnady.

Naberežnyýe Çelny şäherindäki mugallymçylyk uniwersiteti Aşgabatda rus dilini öwretmek üçin dil merkezini açarNaberežnyýe Çelny şäherindäki mugallymçylyk uniwersiteti Aşgabatda rus dilini öwretmek üçin dil merkezini açar

Naberežnyýe Çelny şäherindäki mugallymçylyk uniwersiteti Aşgabatda rus dilini öwretmek üçin dil merkezini açar

Naberežnye Çelny Döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan dolandyrylýan Türkmenistanda rus dilini öwretme we rus dilinde açyk bilim merkezi şu güýzde türkmen paýtagtynda açylar. Bu ÝOM 2009-njy ýyldan bäri türkmen bilim ulgamy üçin mugallymlary taýýarlaýan bilim ojagy bolup durýar, uniwersitetiň 1000-den gowrak uçurymy diplomlaryny tassykladyp, Türkmenistanyň bilim edaralarynda üstünlikli zähmet çekýärler.

Türkmenistan Ýewraziýa toparynyň ýurtlarynyň Parlament komitetleriniň wekilleriniň II Forumyna gatnaşdyTürkmenistan Ýewraziýa toparynyň ýurtlarynyň Parlament komitetleriniň wekilleriniň II Forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Ýewraziýa toparynyň ýurtlarynyň Parlament komitetleriniň wekilleriniň II Forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa topary ýurtlarynyň Parlament komitetleriniň wekilleriniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça II Forumyna gatnaşdy, onda terrorçylyga garşy kanunçylygyň kämilleşdirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy - diýip, «Kazinform» habar berýär.

Russiýanyň demir ýollarynda wagonlaryň arasyny açýan robot synag edilýärRussiýanyň demir ýollarynda wagonlaryň arasyny açýan robot synag edilýär

Russiýanyň demir ýollarynda wagonlaryň arasyny açýan robot synag edilýär

«Rossiýskie železnye dorogi» AGPJ-de robot-manipulýator peýda boldy, onuň wezipe-borçlaryna wagonlaryň arasyny açmak girýär. Bu awtomatiki gurluş eýýäm Çelýabinskiniň stansiýasynda synag edilýär, ol sortlaýjy gorkada özbaşdak hereket edýär, el-manipulýatoryň kömegi bilen wagonlaryň arasyny açýar. Gurluşyň gowy hereket etmegi üçin ony döredijiler tarapyndan birnäçe kameraly tehniki görüş ulgamy göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Magtymgulynyň goşgularynyň italýan dilindäki birinji ýygyndysy bilen tanyşdyrarTürkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Magtymgulynyň goşgularynyň italýan dilindäki birinji ýygyndysy bilen tanyşdyrar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Magtymgulynyň goşgularynyň italýan dilindäki birinji ýygyndysy bilen tanyşdyrar

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň italýan dilindäki ilkinji ýygyndysynyň tanyşdyrylyşyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada medeniýet we KHBS boýunça türkmen hökümetiniň wise-premýeri Mährijemal Mämmedowa özüniň Italiýa saparynyň barşynda beýan etdi – diýip, ýurduň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Gyrgyzystanda çig nebitiň çykarylyşynyň möçberi artdyGyrgyzystanda çig nebitiň çykarylyşynyň möçberi artdy

Gyrgyzystanda çig nebitiň çykarylyşynyň möçberi artdy

Gyrgyzystanda çig nebitiň çykarylyşynyň möçberi artdy – diýip, Trend bu ýurduň statistika maglumatlarynyň çeşmesine salgylanyp, habar berýär. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Gyrgyzystanda gara altynyň 97 müň 800 tonnasy gazylyp alyndy. Bu geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende 4,3% köpdür. Şonda bu Merkezi Aziýa ýurdunyň nebit ýataklaryndan 93 müň 800 tonna çig nebit alnypdy.