

«Аваза-2023» folklor festiwalynda Russiýanyň «Ogonki» tans topary çykyş eder
Türkmenistanda «Awaza-2023» halkara folklor festiwalynda Russiýanyň Garri Polewoý adyndaky «Ogonki» tans topary çykyş eder – diýip, «Weçerniý Barnaul» portaly ýazýar.


Türkmenistanda «Awaza-2023» halkara folklor festiwalynda Russiýanyň Garri Polewoý adyndaky «Ogonki» tans topary çykyş eder – diýip, «Weçerniý Barnaul» portaly ýazýar.


Sişenbe güni, 6-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $14,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 14 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Smartfonlary we elektronikany öndüriji Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy iýul aýynyň ahyrynda Galaxy Unpacked çäresiniň nobatdaky onlaýn-prezentasiýasyny geçirer we ony çeýe ekranly eplenýän gurluşlara bagyşlar – diýip, 3dnews ýazýar.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alymlary tarapyndan ýurduň dermanlyk ösümliklerini senagatda ulanmak babatynda barlaglaryň alnyp barylmagynyň we bu ugurda degişli halkara tender-bäsleşikleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny beýan etdi.


Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýa Orazow Türkmenistanyň wekiliýetiniň döwlet ähmiýetli täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça Ýewropadan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan we Hytaýdan bolan kärdeşleri bilen geňeşmeleri geçirendiklerini habar berdi.


Russiýada ähli köçe-ýol toruny sanlylaşdyrmak isleýärler – diýip, «Sanly ýollar» kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Demin Hanty-Mansiýskide geçen XIV halkara IT-forumynyň çäklerindäki tehnologiýalar sergisinde habar berdi.


Aşgabatda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň — Röwşen Akynyýazowyň, Nursähet Eýeberenowyň, Azat Taganowyň we Owezmuhammet Akmuhammedowyň «Kalplaryň sazlaşygy» atly sergisi açyldy.


Ýaş türkmen çempiony Batumide (Gruziýa) geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda ilkinji oýunlary oýnady. Türkmenistanyň iň oňat 12 küştçisi (6 gyz we 6 oglan) 8 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýaş kategoriýalaryna gatnaşýar. Bäsleşik, «çalt» wagt gözegçiligi düzgüni bilen geçirilýär, ýagny onda her oýunça her hereket üçin 10 sekunt goşmak bilen 15 minut berilýär.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Nebit ministri Musadyk Masud Malik bilen duşuşdy.


— Araly halas etmek boýunça halkara gaznasy, Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek we Aral deňziniň sebitindäki ekologiki, durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge ukyply ýeke-täk sebit guramasydyr, - diýip Türkmenistanyň wise- premýeri Annageldi Ýazmyradow sişenbe güni «Merkezi Aziýa: güýçli sebit instituty arkaly durnukly geljege tarap» konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.


«National Geographic Qazaqstan» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Aktau şäher häkimliginiň goldawy bilen gurnalan «Marsian peýzažlary» ekspedisiýasy Mangystau welaýatynda syýahatçylygyň ösüşini görkezmek üçin surat materiallaryny taýýarlar. Suratlar sebitiň aýratyn tebigaty we täsin landşafty barada gürrüň berer diýip, «Gazagystanskaýa Prawda» neşiri habar berýär.


Duşenbe güni Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen- gruzin toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belläp geçdiler, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky köpmaksatlaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi – diýlip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.


Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko GDA-da hyzmatlaryň erkin söwdasy hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny tassyklady – diýip, BelTA Belarus lideriniň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.


Daşkentde ÝUNESKO tarapyndan Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky medeni ýadygärlikleri goramagy güýçlendirmek boýunça sebitleýin seminar geçirilýär. Hukuk goraýjy we kazyýet edaralarynyň bu ugurda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Pakistanyň degişli gurluşlarynyň işgärleri, şeýle hem Ýewropada ýaşaýan owgan hünärmenleri gatnaşýarlar - diýip, Özbegistanyň Medeni miras agentligi habar berýär.


Moskwa ýaş jübütleri we ähli aşyk-magşuklary Russiýanyň paýtagtynda durmuş gurmagy teklip etmäge we nikalaşmaga çagyrýar. Toý syýahatçylygynyň şäherde bu pudagyň esasy ugurlarynyň birine öwrülmek mümkinçilikleri uludyr – diýip, TASS paýtagtyň syýahatçylyk komitetiniň başlygy Ýewgeniý Kozlowyň sözlerini getirýär.