Habarlar

Ýarym asyrdan gowrak wagtdan bäri ýanýan alawy nähili öçürmeli?! Türkmen alymlary muňa çözgüt tapdylarÝarym asyrdan gowrak wagtdan bäri ýanýan alawy nähili öçürmeli?! Türkmen alymlary muňa çözgüt tapdylar

Ýarym asyrdan gowrak wagtdan bäri ýanýan alawy nähili öçürmeli?! Türkmen alymlary muňa çözgüt tapdylar

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň barlaglar bölüminiň başlygy Irina Lurýewanyň mälim etmegine görä, Garagum sährasynyň merkezinde 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýanýan gaz kraterini öçürmek boýunça ylmy çözgüt tapyldy we ol häzirki wagtda ylalaşmak tapgyryndadyr. Bu barada “TASS” habarlar agentligi mälim edýär.

Ýoga: siziň bitewi saglygyňyza tarap ýolÝoga: siziň bitewi saglygyňyza tarap ýol

Ýoga: siziň bitewi saglygyňyza tarap ýol

21 –nji iýunda bütin dünýäde Halkara ýoga güni bellenip geçilýär. Bu ýyl ýoganyň 9-njy Halkara güni bolar, onuň temasy – «Wasudhaýwa Kutumbakam üçin ýoga», ýagny «Bütin dünýä – bir maşgala», bu şeýle hem Hindistanyň Uly ýigrimilikde häzirki başlyklyk etmeginiň hem temasydyr. Ýoganyň halkara gününiň başlanmagyny 2014-nji ýylyň dekabryna degişli etmek bolýar, şonda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy (BMG BA) Hindistanyň başlangyjy bilen şu mesele boýunça rezolýusiýany kabul etdi, ony agza-döwletleriň 177-si goldady, bu BMG-nyň BA-nyň tutuş taryhynda islendik rezolýusiýa üçin rekorddyr. 2023-nji ýylda ýoganyň Halkara gününde ýoga sapaklary Arktikadan Antarktika çenli geçer we bütin dünýä boýunça belli portlarda ýoganyň görkezilişleri bilen «Bütindünýä umman halkasy» dörediler.